AFC CL2. "Arkadag" nähili ýagdaýda toparçadan çykyp biler

Şu gün, 24-nji dekabrda, ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň "B" toparçasyndaky iň möhüm, aýgytlaýjy duşuşygyny geçirer.

Toparymyz Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyna garşy "Arkadag" stadionynda meýdança çykar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

Bu oýun «Arkadag» üçin diňe bir soňky tapgyr däl, eýsem toparçadan çykmak ugrunda iň esasy mümkinçilik bolar. Häzirki ýagdaýda «Arkadag» 4 utuk bilen dördünji orunda ýerleşýär. Toparçadan çykmak üçin toparymyz öz duşuşygyny hökmany ýagdaýda ýeňmeli, şol bir wagtyň özünde bolsa «Al-Ahli» topary «Andijondan» ýeňilmeli däl.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda Kataryň «Al-Ahli» topary öz meýdançasynda Özbegistanyň «Andijon» toparyny kabul eder. Bu duşuşyk hem Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

Şeýlelikde, bu gün geçiriljek duşuşyk «Arkadag» toparymyzyň AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-däki geljegini kesgitleýän aýgytlaýjy oýun bolar.