Teýmur Çaryýew Gyrgyzystanyň Premýer ligasyna dolanmaga ýakyn

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew karýerasyny Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda dowam etdirip biler.

Gyrgyz žurnalisti Tengelbes Musaýewiň berýän maglumatyna görä, 25 ýaşly futbolçy «Bars» topary bilen şertnama baglaşmaga ýakyn. Ýakynda Belarusuň «Torpedo-BelAZ» topary bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanan Çaryýew täze topara erkin agent hökmünde goşular.

Habarda bellenilişine görä, täze şertnamada futbolçynyň aýlygy öňki toparyndaky gazanjyndan has ýokary bolar.

Ýeri gelende bellesek, Teýmur Çaryýew mundan ozal hem Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparynda çykyş edip, bu topar bilen ýurduň çempionatynda iki gezek altyn medala eýe bolupdy.

Şeýle hem, gyrgyz metbugatynda berilýän maglumatlara görä, täze möwsümden başlap Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda çykyş edýän legioner futbolçylara azyndan 1000 amerikan dollary möçberinde aýlyk zähmet hakynyň tölenmegi göz öňünde tutulýar.