AFC CL2. "Ahal" Ammanda sary köýnekçe bilen meýdança çykar
Ýurdumyzyň «Ahal» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň "C" toparçasyndaky soňky — 6-njy tapgyr duşuşygynyň öňüsyrasynda duşuşykdan öňki resmi ýygnak geçirildi.
Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň, toparlaryň hem-de degişli jogapkär bölümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen ýygnakda esasy guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda duşuşykda toparlaryň haýsy reňkli köýnekçede meýdança çykjakdyklary hem anyk kesgitlenildi.
Kabul edilen karara laýyklykda, «Ahal» topary duşuşyga sary reňkli köýnekçede çykar. Iordaniýanyň «Al-Husseýn» topary bolsa ak reňkli köýnekçe bilen oýnar.
«Ahal» bilen «Al-Husseýn» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 23-nji dekabrda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

