AFK milli ýygyndylar üçin täze ýaryşy işe girizmegi meýilleşdirýär
AFK milli ýygyndy futbolyny ösdürmek boýunça täze ädim hökmünde AFK-nyň Milletler ligasyny döretmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada AFK resmi taýdan habar berdi.
AFK-nyň maglumatyna görä, täze ýaryş FIFA-nyň halkara duşuşyk penjiresiniň çäginde milli ýygyndylar üçin yzygiderli, manyly we bäsdeşlige ukyply duşuşyklary üpjün etmegi maksat edinýär. Soňky ýyllarda garşydaş tapmagyň kynlaşmagy, çykdajylaryň artmagy we logistiki meseleler milli ýygyndy duşuşyklarynyň sport taýdan ähmiýetini peseldýärdi. Şol sebäpli has durnukly we gurluşly ulgam zerur boldy.
AFK Milletler ligasy derejesine görä bölünen milli ýygyndylaryň arasynda duşuşyklary gurap, sport deňagramlylygyny saklamagy, çykdajylary azaltmagy hem-de milli ýygyndylar üçin anyk ösüş ýoluny döretmegi göz öňünde tutýar.
AFK-nyň baş sekretary Datuk Seri Windsor Jon bu başlangyç barada çykyş edip, täze ýaryşyň AFK-a agza 47 milli assosiasiýa üçin ösüş mümkinçiliklerini giňeldjekdigini belledi. Şeýle-de ol bu görnüşdäki ýaryşa janköýerleriň, teleýaýlymlaryň hem-de hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasynyň ýokarydygyny aýtdy.
Täze ýaryşyň formaty, möhletleri we durmuşa geçirilşi boýunça jikme-jik maglumatlaryň AFK-nyň degişli komitetlerinde ara alnyp maslahatlaşyljakdygy we soňundan resmi taýdan yglan ediljekdigi nygtaldy.

Şeýlelikde, AFK tarapyndan döredilmegi meýilleşdirilýän Milletler ligasyna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu ýaryş milli ýygyndymyz üçin halkara derejede yzygiderli we ýokary hilli duşuşyklary geçirmäge täze mümkinçilikleri açyp biler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

