"GOÝÇÝSM" topary futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy

GOÝÇÝSM topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda 2011-2012-nji ýyllarda doglan ýetginjek futbolçylaryň gatnaşmagynda futbol boýunça geçirilýän Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy. Bu topar final duşuşygynda “Mary” toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlanan final duşuşygynda oýnundan soňky bellenen 11 metrlik urgulary şowly ýetiren GOÝÇÝSM topary garşydaşyndan 5:4 hasabynda üstün çykdy.“Batly” topary bilen duşuşan “Arslan” topary esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşygyň soňunda bellenen 11 metrlik urgularda 4:3 hasabynda garşydaşyndan üstün çykyp, birinjiligiň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Geçirilen birinjiligiň netijesinde “Iň ökde oýunçy” diýlip GOÝÇÝSM toparynyň oýunçysy Serdar Agaýew saýlanyldy. Şeýle-de, birinjiligiň netijesi boýunça “Iň ökde goragçy” diýlip Bagtyýar Baýramgulyýew (“Batly”), “Iň ökde ýarymgoragçy” diýlip Guwanç Artykow (“Mary”), “Iň ökde derwezeçi” diýlip Begli Begenjow (“Mary”), “Iň ökde hüjümçi” diýlip Diýar Düşemow (“Arslan”), “Iň köp gol geçiren oýunçy” diýlip Daýanç Jemşidow (“Mary”), “Iň zehinli oýunçy” diýlip Emirhan Tamurkin (GOÝÇÝSM ) dagu saýlanyldy. Birinjiligiň dowamynda netijeli oýun görkezen “Mary” toparynyň tälimçisi Gurbanmuhammet Gurbanmuhammedow “Iň ökde tälimçi” diýlip saýlanyldy.

Aýgytlaýjy duyşuşygyň soňunda netijeli çykyş eden toparlara hem-de öňe saýlanan futbolçylara baýraklar gowşuryldy. Baýraklary TFF-niň başlygynyň orunbasary Nazar Çölüýew bilen TFF-niň Tehniki direktory Röwşen Meredow gowşurdylar. 

Arkadag şäheriniň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň toparlarynyň gatnaşmagynda “Arkadag” stadionynyň ätiýaçlyk meýdançasynda geçirilýän futbol ýaryşynda toparlaryň 10-synyň baş baýrak ugrundaky bäsleşige goşulandygyny ýatladýarys. 

Jemleýji duşuşyklaryň netijeleri:

3-nji orun ugrundaky duşuşyk: “Batly” – “Arslan” – 1:1 (oýundan soňky 11 m.j.u. 3:4)

Final: “Mary” – GOÝÇÝSM – 0:0 (oýundan soňky 11 m.j.u. 4:5)

TFF