AFC CL2. "Ahal" bilen "Arkadag" soňky duşuşyklaryny geçirer
Türkmenistanyň çempionatynda çykyş edýän «Ahal» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň "C" toparçasyndaky soňky — 6-njy tapgyryň duşuşygyny geçirmek üçin Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherine bardy. Topar häzirki wagtda şol ýerde türgenleşiklerini geçirýär. «Ahal» bu tapgyrda Iordaniýanyň «Al-Husseýn» topary bilen duşuşar. Duşuşyk 23-nji dekabrda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar.

«Ahal» 5-nji tapgyrdan soň "C" toparçasynda 1 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. Toparçada birinji orny 7 utuk bilen Eýranyň «Sepahan» topary eýeleýär, ikinji orunda bolsa 6 utuk bilen «Al-Husseýn» topary bar.

Şeýle hem, ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary AFK Çempionlar ligasy–2-däki soňky duşuşygyny 24-nji dekabrda geçirer. Duşuşyk "Arkadag" stadionynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyna garşy bolar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.
«Arkadag» 5-nji tapgyrdan soň öz toparçasynda 4 utuk bilen dördünji orunda barýar. Birinji orunda 7 utuk bilen Kataryň «Al-Ahli» topary, ikinji orunda 6 utuk bilen «Al-Haldiýa», üçünji orunda bolsa 5 utuk bilen Özbegistanyň «Andijon» topary ýerleşýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

