APL. "Arsenal" täze ýylyň öňüsyrasynda lider
Angliýanyň Premýer-ligasynda «Arsenal» topary taryhynda bäşinji gezek täze ýyl döwründe sanawyň birinji ornunda ýerleşdi.

Şeýle-de bolsa, londonlylar öňki dört ýagdaýda möwsümiň ahyrynda çempionlyk gazanyp bilmändi. 2002/03, 2022/23 we 2023/24 möwsümlerinde «Arsenal» kümüş medal bilen çäklendi, 2007/08 möwsüminde bolsa bürünç medal gazandy.
Täze ýyldan oň soňky tapgyrda «Ewertony» 1:0 hasabynda ýeňen «Arsenal» täzeden birinji orna galdy. Häzirki wagtda toparyň «Mançester Sitiden» artykmaçlygy 2 utukdan ybarat.
Londonlylar 23-nji dekabrda Angliýanyň Ligasynyň Kubogynyň çäginde «Kristal Pelas» topary bilen duşuşar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

