La Liga. Mbappe Ronaldunyň rekordyny gaýtalady

Fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe «Real Madridiň» düzüminde ýene bir taryhy görkezijä ýetdi.

La Liganyň 17-nji tapgyrynda «Sewilýa» bilen geçirilen duşuşykda (2:0) gol geçiren Mbappe 2025-nji ýyl boýunça «Real Madridiň» düzüminde öz gollarynyň sanyny 59-a ýetirdi. Şeýlelikde, ol bu görkeziji boýunça Kriştianu Ronaldunyň rekordyny gaýtalady.

Duşuşykdan soň Mbappe goluny Ronaldunyň meşhur baýram ediş stilinde bellemeginiň hormat alamatydygyny aýtdy. Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynda çykyş edýän portugaliýaly futbolçy «Real Madridiň» taryhyndaky iň netijeli oýunçylaryň biri hasaplanýar.

Bu ýeňişden soň «Real Madrid» 42 utuk bilen Ispaniýanyň çempionatynda ikinji orunda galýar. «Sewilýa» bolsa 20 utuk bilen dokuzynjy basgançakda ýerleşýär. Indiki tapgyrda madridliler «Betis» bilen duşuşar.