La Liga. Lamin Ýamal iň gowy oýunçy boldy

«Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal analitik "WhoScored" portaly tarapyndan häzirki möwsümiň La Liga çempionatynda iň gowy oýunçy diýlip yglan edildi.

Ispan futbolçysy möwsümdäki çykyşlary üçin 8,24 bal alyp, sanawyň başynda orun aldy. Ondan soňky orunda 8,06 bal bilen «Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe ýerleşdi.

Ilkinji üçlügi 7,39 bal bilen «Barselonanyň» beýleki wingeri Rafinýa jemleýär. Şeýle hem ilkinji bäşlige «Real Madridiň» ýarymgoragçysy Jud Bellingem bilen «Barselonanyň» ýarymgoragçysy Pedri girýär – olaryň ikisi hem 7,32 bal toplady.

Şunuň bilen birlikde, Mbappe hüjüm görkezijileri boýunça La Ligada öňdebaryjylygyny saklaýar.