RSL. "Al-Nasr" transfer gadagançylygyna sezewar boldy

FIFA, Saud Arabystanyň «Al-Nasr» toparyna täze futbolçylary hasaba almak boýunça gadagançylyk girizendigini resmi taýdan mälim etdi.

Ispan neşiri "Mundo Deportivo"-nyň maglumatlaryna görä, bu çäre toparyň «Mançester Siti» bilen bagly maliýe borçlary sebäpli kabul edildi. Habarda bellenilişine görä, «Al-Nasr» 2023-nji ýylda merkezi goragçy Emerik Laportyň transferi üçin iňlis toparyna takmynan 9 million ýewro töläp bilmedi. Tölegiň soňky möhleti 31-nji awgustda tamamlanan hem bolsa, degişli serişdeler henize çenli geçirilmedi.

Şunuň bilen baglylykda, FIFA toparyň täze oýunçylary hasaba almak hukugyny wagtlaýyn togtatdy.

Ýatladyp geçsek, Emerik Laport geçen güýzde «Al-Nasr» toparyndan aýrylyp, Ispaniýa dolanypdy we Bilbao şäheriniň «Atletik» topary bilen şertnama baglaşypdy.