Transfer. Týago Silwa Ýewropa gaýdyp, "Porto" bilen şertnama baglaşdy

41 ýaşly braziliýaly goragçy Týago Silwa karýerasyny Ýewropada dowam etdirer. Ol portugaliýanyň «Porto» topary bilen möwsümiň ahyryna çenli niýetlenen şertnama baglaşdy. Şertnamada ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.

Týago Silwa şeýlelikde 2004/05 möwsüminde çykyş eden toparyna täzeden dolanyp geldi. Ol soňky döwürde Braziliýanyň «Fluminense» toparynda çykyş edipdi we topar bilen ýoluny aýyrandan soň erkin agent ýagdaýynda galdy.

Tejribeli goragçy futbol ýolunda «Milan», «PSŽ» hem-de «Çelsi» ýaly toparlaryň köýnegini geýdi. Ol Italiýanyň we Fransiýanyň çempionatlarynda ýeňiş gazandy, şeýle-de London topary bilen Çempionlar ligasynyň kubogyny başyndan ýokary göterdi.