APL. Brunu Fernandeş tomusda gidip bilýärdi
«Mançester Ýunaýtediň» ýarymgoragçysy Brunu Fernandeş tomusda topar ýolbaşçylarynyň onuň bilen ýollaryny aýyrmaga taýýardyklaryny aýtdy. Emma olaryň bu karary kabul etmäge batyrlygy ýetmändir.

Awgust aýynda Fernandeş Saud Arabystanyň «Al-Hilal» toparyndan gelen girdejili teklipden ýüz öwrüp, Mançesterde galmagy makul bildi.
— «Mançester Ýunaýtediň» geçen tomus meniň gitmegimi isländigini ýadymda saklaýaryn. Muny topar ýolbaşçylaryna-da aýtdym. Ýöne olar şeýle karary kabul etmäge batyrlyk tapmadylar. Men diňe maşgalam sebäpli däl, eýsem bu topary hakykatdanam halaýandygym üçin galdym. Tälimçi Ruben Amorim bilen bolan gürrüňdeşlik hem kararyma täsir etdi. Emma topar tarapyndan seredeniňde, men gitsem-de, olar üçin uly ýitgi bolmajak ýaly duýuldy.
Men hemişe taýýar, ähli güýjümi berýän oýunçy. 100 göterim çykyş edýärin. Soň bolsa topary beýle bir gymmatly hasaplamaýan, ony goramaýan beýleki oýunçylary görýärsiň — diýip, Fernandeşiň sözlerini "Canal11" ýetirýär.
Brunu Fernandeş 2020-nji ýyldan bäri «Mançester Ýunaýted» toparynyň düzüminde çykyş edýär. 31 ýaşly portugaliýaly oýunçynyň şertnamasy 2027-nji ýyla çenli niýetlenen. Şu möwsümde ol ähli ýaryşlarda 17 oýna gatnaşyp, 5 gol geçirdi we 7 asist berdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

