FIFA. DÇ-2026 üçin arzan biletler hödürlenýär
Halkara futbol federasiýasy FIFA, 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň bilet syýasatyny täzeden gözden geçirdi.
"ESPN" neşiriniň habar bermegine görä, FIFA biletleriň bir böleginiň bahasyny arzanlatdy. Şeýlelikde, janköýerler hatda final duşuşygyna hem bary-ýogy 60 dollara girip bilerler.
Bu maksat bilen "Supporter Entry Tier" atly täze bilet kategoriýasy döredildi. Oňa laýyklykda, çempionatyň ähli tapgyrlaryndaky duşuşyklar üçin biletleriň bahasy birmeňzeş — 60 dollar bolar. Şeýle biletler milli futbol federasiýalary arkaly satylar we iň wepaly janköýerlere paýlanylar. Bu kwota her ýygynda bölünýän umumy biletleriň takmynan 10%-ini emele getirýär.
FIFA-nyň bu karary Ýewropanyň Futbol Janköýerleri Assosiasiýasynyň (FSE) berk tankydyndan soň kabul edildi. Ozal bu gurama bilet bahalarynyň aşa gymmatdygyny aýdyp, olaryň milli federasiýalar arkaly satylmagyny togtatmagy talap edipdi.
Deňeşdirmek üçin: başlangyçda milli federasiýalar üçin niýetlenen DM-2026 finalynyň iň arzan bileti 4185 dollardan başlanýardy. Bu bolsa 2022-nji ýylda Katarda geçirilen Dünýä çempionatyndaky şonuň ýaly biletlerden takmynan 7 esse gymmatdy.
2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Açylyş duşuşygy 11-nji iýunda Meksiko şäherindäki "Asteka" stadionynda bolar. Final duşuşygy bolsa 19-njy iýulda Nýu-Jersi ştatyndaky "Metlaýf" stadionynda geçiriler. Häzirki çempion — Argentinanyň milli ýygyndysydyr.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

