Futbol boýunça Türkmenistanyň birinjili: ýarymfinala çykan toparlar belli boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda 2011-2012-nji ýyllarda doglan ýetginjek futbolçylaryň gatnaşmagynda futbol boýunça geçirilýän Türkmenistanyň birinjiliginde toparçalaýyn bäsleşikler tamamlanyp, ýarymfinala çykan toparlar belli boldy. “A” toparçada bu abraýa “Mary” hem-de GOÝÇÝSM toparlary mynasyp boldular. “Mary” topary arzyly dörtlüge wagtyndan öň çykan bolsa, onda ikinji ornuň ykbaly soňky tapgyrda kesgitlenildi. Bu tapgyrda “Balkan” toparyny 3:0 hasabynda ýeňen GOÝÇÝSM toparynyň diňe bir ýeňiş gazanany ýeterlik bolman, eýsem ikinji orun ugrundaky esasy garşydaşy “Ahalyň” utuk ýitirmegi zerurdy. Soňlugynda bu şeýle-de boldy. Öz duşuşygyny “Lebap” toparynyň garşysyna geçiren “Ahal” topary garşydaşyndan 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar bolup, toplan 5 utugy bilen ýarymfinala çykmak mümkinçiligini ýitirdi.

“B” toparçada bolsa garaşylyşy ýaly “Batly” hem-de “Arslan” toparlary atlaryny ýarymfinala ýazdyrdylar. 5-nji tapgyryň çäginde geçirilen duşuşyklarda “Batly” topary “Şagadamy” (3:1) ýeňen bolsa, “Arslan” “Daşoguz” toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, 20-nji dekabrda geçiriljek ýarymfinal duşuşyklarynda “Mary” – “Arslan” hem-de “Batly” – GOÝÇÝSM toparlary duşuşarlar.

Arkadag şäheriniň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň toparlarynyň gatnaşmagynda “Arkadag” stadionynyň ätiýaçlyk meýdançasynda geçirilýän futbol ýaryşynda toparlaryň 10-synyň baş baýrak ugrundaky bäsleşige goşulandygyny ýatladýarys. 

Futbol bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygy 21-nji dekabrda geçiriler.

 

Ýaşlar birinjiliginiň 5-nji tapgyrynyň netijeleri:

“A” toparça

 “Lebap” – “Ahal” – 2:1

 “Balkan” – GOÝÇÝSM – 0:3

“B” toparça

“Şagadam” – “Batly” – 1:3

“Daşoguz” – “Arslan” – 0:2

 

Ýarymfinal duşuşyklary (20.12.2025 ý.):

12:00   “Mary” – “Arslan”

14:00   “Batly” – GOÝÇÝSM

 

Jemleýji duşuşyklar (21.12.2025 ý.):

12:00   3-nji orun ugrundaky duşuşyk

14:00   Final

 

Birinjiliginiň tablisasy V tapgyrdan soň: 

“A” toparça

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Mary” 4 3 1 0 12-1 10
2. GOÝÇÝSM 4 2 1 1 8-5 7
3. “Ahal” 4 1 2 1 6-4 5
4. “Lebap”    4 1 1 2 6-13 4
5. “Balkan” 4 0 1 3 4-13 1