UCL. "Bawariýa" jezalandyryldy
«Bawariýa» toparynyň Çempionlar ligasyndaky iki duşuşygy UEFA-nyň düzgün-nyzam komitetiniň ünsüni çekdi. Olar «Sporting» bilen öýde, şeýle-de Londonda «Arsenal» bilen geçiren duşuşyklary boldy.

Habarlara görä, «Bawariýanyň» janköýerleri tarapyndan pirotehnikanyň ulanylmagy, meýdança dürli zatlaryň zyňylmagy hem-de sport ruhuna laýyk gelmeýän habarlar görkezilmegi sebäpli topar günäkär hasaplandy.

Bu düzgün bozulmalaryň jemi boýunça «Bawariýa» 116 müň ýewro möçberinde jerime salyndy. Mundan başga-da, topar indiki ýewrokubogyň öý duşuşygynda "Allians-Arena" stadionynyň dört sektoryny ýapmaly bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

