Finallissima 27-nji martda Dohada geçiriler
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Ýewropanyň çempiony Ispaniýa bilen Amerikanyň çempiony Argentina milli ýygyndylarynyň arasyndaky Finallissima duşuşygy Kataryň Doha şäherinde geçiriler.
Bu duşuşyk dünýäde ikinji gezek guraljak Finallissima bolup, oýun "Lusail Iconic" stadionynda bolar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 23:00-da başlanar.
Stadionyň saýlanmagy hem aýratyn manylydyr. Hut şu stadionda 2022-nji ýylyň dekabrynda Lionel Messi Argentinany Dünýä çempionatynyň ýeňşine alyp bardy. Şol mundialda Ispaniýa hem ilkinji oýnuny hut şu ýerde geçirip, Kosta-Rikadan 7:0 hasabynda üstün çykypdy.
Ispaniýa Finallissimada çykyş etmäge Ýewro-2024-de Angliýany finalda 2:1 hasabynda ýeňip, hukuk gazandy.
Argentina bolsa Amerika Kubogy-2024-iň finalynda Kolumbiýany 1:0 hasabynda utup, çempionlygyny tassyklady.
Ilkinji Finallissima 2022-nji ýylda Londonda geçirilipdi. Şol duşuşykda Argentina Italiýany 3:0 hasabynda ýeňipdi.
Şeýle-de, Lionel Messi bu duşuşyga gatnaşmajakdygyny eýýäm mälim etdi. Şeýlelikde, Argentinanyň milli ýygyndysy üçin bu duşuşyk Messisiz ilkinji uly final bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

