Türkmenistanyň kubogynyň finalyndaky toparlar belli boldy

Şu gün, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň ýarym finallarynyň jogap duşuşyklary geçirildi.

Geçen ýylky kubogyň eýesi «Arkadag» Aşgabatda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy. Ilkinji duşuşykda hem «Arkadag» 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, umumy hasap (7:2) boýunça «Arkadag» finala çykdy.

Paýtagtymyzda geçirilen beýleki ýarym final duşuşygynda «Ahal» topary Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» 2:0 hasabynda ýeňdi. Ilkinji duşuşyk «Şagadamyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy, emma iki duşuşygyň jemi (3:2) boýunça finala «Ahal» çykdy.

Şeýlelikde, Kubok bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygynda «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary güýç synanyşarlar. Final duşuşygy 27-nji dekabrda geçiriler. Duşuşygyň geçiriljek ýeri soň mälim ediler.

Ýarym finalyň jogap duşuşyklarynyň netijeleri:

«Arkadag» – «Aşgabat» – 4:1 (ilkinji oýun 3:1)
Gollar: Didar Durdyýew (21, 86), Ahmet Ataýew (45+1), Diýargylyç Orazow (88) – Mergen Nurlyýew (37)
Geçirilen ýeri: "Nusaý" stadiony, Aşgabat

«Ahal» – «Şagadam» – 2:0 (ilkinji oýun 1:2)
Gollar: Bagtyýar Gürgenow (35), Akmämmet Metdäýew (49)
Geçirilen ýeri: "Aşgabat" stadiony, Aşgabat