Futbol boýunça Türkmenistanyň birinjili: 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda 2011-2012-nji ýyllarda doglan ýetginjek futbolçylaryň gatnaşmagynda futbol boýunça geçirilýän Türkmenistanyň birinjiliginde dördünji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.“A” toparçanyň merkezi duşuşygynda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Ahal” hem-de “Mary” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda hasap açylmady – 0:0. Toparçanyň beýleki duşuşygynda GOÝÇÝSM topary “Lebapdan” 4:2 hasabynda üstün çykdy.

10 utuk toplan “Mary” toparynyň wagtyndan öň bu toparçada birinji orny eýeländigini bellemek gerek. Ýarymfinala çykmaga mümkinçilik berýän ikinji orun ugrunda bäsleşýän GOÝÇÝSM bilen “Ahal” toparlarynyň haýsysynyň arzyly sepgide ýetjekdigi soňky, bäşinji tapgyrda belli bolar.

“B” toparçada geçirilen oýunlaryň netijesinde ilkinji iki orny eýelän toparlar belli boldy. Bu abraýa “Arkadag” toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykan “Batly” hem-de “Şagadamy” 4:1 hasabynda ýeňen “Arslan” toparlary mynasyp boldular.

Deslapky tapgyrda toparçalaryň ikisi bolup, her toparçada ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarymfinalda güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar. 

Futbol bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygy 21-nji dekabrda geçiriler.

Ýaşlar birinjiliginiň 4-nji tapgyrynyň netijeleri:

“A” toparça

 “Ahal” – “Mary” – 0:0

GOÝÇÝSM – “Lebap” – 4:2

“B” toparça

“Arslan” – “Şagadam” – 4:1

“Batly” – “Arkadag” – 2:0

Birinjiliginiň tablisasy IV tapgyrdan soň: 

“A” toparça

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Mary” 4 3 1 0 12-1 10
2. “Ahal” 3 1 2 0 5-2 5
3. GOÝÇÝSM 3 1 1 1 5-5 4
4. “Balkan” 3 0 1 2 4-10 1
5. “Lebap”    3 0 1 2 4-12 1

“B” toparça

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Batly” 3 3 0 0 6-0 9
2. “Arslan” 3 2 0 1 7-3 6
3. “Arkadag” 4 2 0 2 9-5 6
4. “Şagadam” 3 0 1 2 1-9 1
5. “Daşoguz”    3 0 1 2 0-6 1

TFF