Şu gün "PSŽ" bilen "Flamengo" finalda duşuşar

17-nji dekabrda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi «Pari Sen-Žermen» bilen Braziliýanyň «Flamengo» toparlary Kontinentara kubogynyň finalynda duşuşar.

Pariž topary bu oýna ýaryşyň esasy faworit derejesinde gelýär. Çempionlar ligasynyň finalynda «PSŽ» italýanlaryň «Inter» toparyny 5:0 hasabynda uly tapawut bilen ýeňip, kubogy gazandy.

«Flamengo» bolsa Günorta Amerikanyň wekili hökmünde çykyş edýär. Braziliýa topary ýarym final tapgyrynda Afrikanyň çempiony bolan «Pyramids» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Final duşuşygy 17-nji dekabrda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da başlar.