Transfer. "Kristal Pelasyň" goragçysy "Mançester Sitiniň" üns merkezinde

"The Times" neşiriniň habaryna görä, «Kristal Pelasyň» merkezi goragçysy Mark Gehi «Mançester Sitiniň» gyzyklanýan futbolçylarynyň sanawyna goşuldy.

"Şäherliler" 25 ýaşly iňlis futbolçyny gorag çyzygyny güýçlendirmek üçin esasy wariantlaryň biri hökmünde görýärler. Klubyň ýolbaşçylary Gehini uzak möhletleýin taslamanyň bir bölegi hökmünde bahalandyrýar.

Geçen tomus «Liwerpul» bilen transfer başa barmandan soň, Mark Gehi «Kristal Pelas» bilen 2026-njy ýylyň iýunyna çenli dowam edýän şertnamasyny uzaltmazlyk kararyna geldi. Futbolçy klubyny çalyşmaga taýýardygyny bildirýär, «Mançester Siti» bolsa onuň çykyşlaryna uzak wagt bäri gözegçilik edýär.

«Mançester Sitide» gorag çyzygynda uly täzelenme meýilleşdirilýär. «Kristal Pelas» hem gyşky transfer möwsüminde Gehini satmak mümkinçiligini inkär etmeýär, sebäbi goragça birnäçe iri klublar tarapyndan gyzyklanma bildirilýär.