Bundesliga. Karim Adeýemi "Borussiýany" terk etmekçi
«Borussiýa Dortmund» toparynyň hüjümçisi Karim Adeýemi toparyny terk etmek niýetiniň bardygyny topara mälim etdi. Bu barada "Bild" neşiri habar berýär.
Habara görä, futbolçynyň şeýle karara gelmeginiň esasy sebäbi onuň aýaly Loredana Adeýeminiň Dortmundda ýaşamak islemeýändigi bilen baglanyşykly. Ol has uly Ýewropa şäherlerine göçmegi makul bilýär.

Karim Adeýeminiň «Borussiýa» bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli hereket edýär. Şeýle-de bolsa, futbolçy agentini çalşyp, topar bilen şertnamasynyň şertlerini täzeden gözden geçirip başlady.
Şu möwsümde Adeýemi ähli ýaryşlarda «Borussiýanyň» düzüminde 26 duşuşyga gatnaşyp, 6 gol geçirdi we 5 asist etdi. "Transfermarkt" portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 60 million ýewro diýlip baha berilýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

