Serie A. "Roma" Paulo Dibala bilen şertnamany uzaltmaz

"La Gazzetta Dello Sport" neşiriniň habaryna görä, «Roma» argentinaly hüjümçi Paulo Dibala bilen täze şertnama baglaşmagy meýilleşdirmeýär. 32 ýaşly futbolçynyň klub bilen häzirki ylalaşygy 2026-njy ýylyň iýul aýynda tamamlanýar.

Täze baş tälimçi Jan Pýero Gasperininiň gelmegi bilen «Roma» transfer syýasatyny üýtgetdi. Rim kluby öňdäki transfer penjiresinde ilkinji maksat hökmünde «Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Joşua Zirkzini, ikinji wariant hökmünde bolsa «Fiorentinanyň» futbolçysy Albert Gudmundssony göz öňünde tutýar.

Bu oýunçylardan biriniň gelmegi, şeýle-de düzümde eýýäm bar bolan Artýom Dowbik bilen Nikolas Suleniň bolmagy Paulo Dibala üçin esasy düzümde orun tapmagy kynlaşdyryp biler.