2011–2012-nji ýyllarda doglan futbolçylaryň arasynda Ýaşlar birinjiliginiň 2-nji tapgyry tamamlandy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýän 2011–2012-nji ýyllarda doglan ýetginjek futbolçylaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Geçirilen oýunlaryň netijesinde "A" toparçada 6 utuk toplan «Mary» topary birinji orny eýeleýär. 4 utuk bilen «Ahal» topary ikinji orunda ýerleşýär.

"B" toparçada bolsa 6 utukdan toplan «Arkadag» hem-de «Batly» toparlary öňdäki orunlary paýlaşýarlar.

Arkadag şäheriniň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda "Arkadag" stadionynyň ätiýaçlyk meýdançasynda geçirilýän bu ýaryşda jemi 10 topar baş baýrak ugrunda bäsleşýär.

Deslapky tapgyr iki toparçadan ybarat bolup, her toparçadan ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarym finala çykýarlar. Ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygy 21-nji dekabrda geçiriler.

Ýaşlar birinjiliginiň 2-nji tapgyrynyň netijeleri:

"A" toparça
«GOÝÇÝSM» – «Ahal» – 1:1
«Balkan» – «Mary» – 1:4

"B" toparça
«Daşoguz» – «Arkadag» – 0:3
«Arslan» – «Batly» – 0:1

Birinjiliginiň tablisasy II tapgyrdan soň: 

"A" toparça

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Mary” 2 2 0 0 10-1 6
2. “Ahal” 2 1 1 0 5-2 4
3. GOÝÇÝSM 1 0 1 0 1-1 1
4. “Balkan” 2 0 0 2 2-8 0
5. “Lebap”    1 0 0 1 0-6 0

"B" toparça

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Arkadag” 2 2 0 0 8-0 6
2. “Batly” 2 2 0 0 4-0 6
3. “Arslan” 1 0 0 1 0-1 0
4. “Şagadam” 1 0 0 1 0-5 0
5. “Daşoguz”    2 0 0 2 0-6 0