La Liga. Rafinýanyň dubly we täze rekord
"La Liganyň" 16-njy tapgyrynda «Barselona» öz meýdançasynda «Osasuna» toparyny aňsatlyk bilen ýeňdi. Duşuşyk braziliýaly winger Rafinýanyň dublynyň hasabyna 2:0 hasaby bilen tamamlandy.
"Optanyň" maglumatlaryna görä, «Barselona» – «Osasunany» ýeňenden soň, 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek "La Ligada" yzygiderli ýedi duşuşykda iki gol tapawudy bilen ýeňiş gazandy. Şonda topar yzly-yzyna sekiz şeýle ýeňiş gazanypdy: bäşisini Luis Enrikeniň, üçüsini bolsa Ernesto Walwerdeniň ýolbaşçylygynda.
«Barselonanyň» hüjümçisi Rafinýa «Osasuna» garşy duşuşykda iň gowy oýunçylaryň biri boldy we dubl etdi. Onuň ikinji goly aýratyn täsirli boldy, çünki braziliýaly oýunçy uzak aralykdan güýçli urgy etdi.

• "Optanyň" maglumatlaryna görä, bu Rafinýanyň 2022/23-nji möwsüminden bäri «Barselonanyň» düzüminde ähli ýaryşlarda jerime meýdançasynyň daşyndan uran 10-njy goly boldy. Bu döwürde «Barselonanyň» beýleki oýunçylaryndan hiç biri köp gol geçirmediler – diňe Lamin Ýamal şol bir görkezijä eýedir.
«Osasuna» bilen oýundan soň, «Barselona» «Real Madrid-den» ýedi utuk arany açdy. Ýöne Madrid klubynyň heniz bir oýny oýnalmadyk.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
