"Inter Maýami" MLS Kubogyny gazandy. Messi 48-nji kubogyny aldy, Buskets we Alba karýerasyny tamamlady
«Inter Maýami» futbol topary taryhynda ilkinji gezek "MLS Kubogy"-nyň çempiony boldy! Final duşuşygynda Dewid Bekhemiň kluby «Wankuwer Uaýtkeps»-i 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu finala iki klub hem taryhynda ilkinji gezek çykypdy.

Bu ýeňişden soň «Inter Maýaminiň» nyşanynda ilkinji ýyldyz peýda boldy.

Lionel Messi kluba gelmezden ozal, «Inter Maýami»-niň netijeleri gaty pesdi: 0 final – 0 ýeňiş. Mundan öň «Inter» "MLS"-iň iň yzdaky toparlarynyň biri hasaplanýardy.
Messi gelenden soň: 4 final – 4 ýeňiş.
Argentinaly hüjümçi klubda geçiren 90 duşuşygynda 78 gol geçirip we 44 asist edip, ajaýyp netije görkezdi.
Lionel Messi we onuň ýoldaşlary ýeňiş gazanyp, argentinaly ýyldyzyň karýerasyndaky 48-nji rekord kubogy bolan "MLS Kubogyny" almagyny üpjün etdi. Bu «Inter Maýami» üçin dördünji uly kubok boldy. Messi bu oýunda iki sany ajaýyp assist berdi we birinji goly döretmäge gatnaşdy. Onuň pasyndan De Paul ýeňiş goluny geçirdi.
Şol bir wagtyň özünde, «Barselona»-nyň legendalary Serhio Buskets we Jordi Alba karýeralaryny iň gowy notada tamamladylar. Olar bu finalda tutuş oýny oýnap, ýeňiş gazanmak bilen futbol bilen hoşlaşdylar.
Duşuşygyň gollary:
«Inter Maýami» – «Wankuwer Uaýtkeps» 3:1
• «Inter Maýami» üçin: Okampo (awtogol, 8), De Paul (71), Allende (90+6)
• «Wankuwer Uaýtkeps» üçin: Ali Ahmed (60)

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
