"FIFA" Dünýä çempionaty-2026-nyň ähli duşuşyklarynyň senenamasyny yglan etdi
"FIFA" futbol boýunça Dünýä çempionaty-2026-nyň doly duşuşyklaryň senenamasyny öz resmi web sahypasynda neşir etdi. Ýaryş 16 şäherde, 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ, Kanada we Meksika ýurtlarynda geçer.

Esasy duşuşyklaryň senenamasy:
• Toparçalar tapgyry: 11-nji iýun — 27-nji iýun.
• Açylyş duşuşygy: 11-nji iýun, "Asteka" stadiony (Mehiko). «Meksika» we «Günorta Afrika» ýygyndylary duşuşar.
• Pleý-off tapgyry: 28-nji iýun — 19-njy iýul.
• Üçünji orun ugrundaky oýun: 18-nji iýul, "Hard Rok Stedium" (Maýami-Gardens).
• Final: 19-njy iýul. Duşuşyk Nýu-Ýork şäheriniň golaýyndaky Ist-Razerforddaky "Metlaýf Stediumynda" geçiriler.

Duşuşyklar Aşgabat wagty bilen 21:00-dan 09:00-a çenli aralykda bolar.
• Umumy aralyk: 21:00 — 09:00
• Mysallar: «Angliýa» we «Horwatiýa» ýaly ýygyndalaryň käbir duşuşyklary 01:00-da (gije) başlar.
• «Özbegistan» we «Kolumbiýa» ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk Aşgabat wagty bilen 07:00-da başlar.
• Final duşuşygy Aşgabat wagty bilen 00:00-da (gije) başlar.

Goşmaça maglumat:
Ýaryşa gatnaşyjylaryň doly sany 48 topar bolup, pleý-off tapgyryna 12 toparçanyň her birinden iň güýçli iki topar we üçünji orny eýelän iň gowy sekiz topar çykar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
