Tragediýa sebäpli "Çarlton" bilen "Portsmutyň" arasyndaky duşuşyk ýatyryldy

Angliýanyň "Çempionşip" (ikinji diwizion) ligasynyň 19-njy tapgyrynda «Çarlton» bilen «Portsmutyň» arasynda geçirilýän duşuşyk, janköýerleriň biriniň ýagdaýy erbetleşendigi sebäpli dowam etdirilmedi.

Şenbe güni (06.12.2025) Londondaky "Welli" stadionynda geçirilen duşuşyk 0:0 hasabynda, 15-nji minutda saklandy. Lukmanlar tribunalardaky adama kömek etmäge başlady we ol soňra hassahana ýerleşdirildi.

«Çarlton» kluby duşuşygyň ýatyrylandygyny we başga bir güne süýşürilendigini yglan etdi. Klubyň sosial ulgamlardaky beýanatynda şeýle diýilýär:

"Janköýerleriň arasyndaky gyssagly lukmançylyk kömegi zerur bolandygy sebäpli, şu günki duşuşyk ýatyryldy. Oýnuň geçiriljek senesi ýakyn wagtda yglan ediler."

​Soňra «Çarlton» topary has gynançly habary tassyklady. Duşuşyk wagtynda ýagdaýy erbetleşen janköýer "Norman Barker" aradan çykdy.

«Çarltonyň» resmi beýanatynda şeýle diýilýär:

"Welli" stadionynda bolan lukmançylyk hadysasynyň netijesinde bir janköýerimiziň aradan çykmagy barada çuňňur gynanç bilen habar berýäris. Bütin klub bu agyr pursatda onuň maşgalasyna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirýär."

​Merhum janköýer klubyň iň wepaly janköýerleriniň biri bolan "Norman Barker" bolup, ol "nauşnikdäki Norm" lakam bilen giňden tanalýardy we oňa mähirlilik bilen "Mister Çarlton" diýilýärdi. Duşuşyk başga bir günde oýnalar.