Karlo Ançelotti: Neýmaryň Dünýä çempionaty-2026-da oýnamagy diňe özüne bagly
«Braziliýa» ýygyndysynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti «Santosyň» ýarymgoragçysy Neýmaryň Dünýä çempionaty-2026-a gatnaşmagy baradaky sowala jogap berdi. Hünärmen ähli zadyň futbolçynyň özüne we onuň formasyna bagly boljakdygyny mälim etdi.
"Neýmar «Braziliýanyň» düzümine girip biler ýa-da girmez. Men onuň ünsi çekýändigini bilýärin, ýöne dessine aýdýaryn: "Dünýä çempionatyna" gatnaşjak düzüm dekabrda däl-de, maý aýynda yglan ediler.
Neýmar, eger ol muňa mynasyp bolsa we gowy formada bolsa, "Dünýä çempionatynda" oýnar. Şonuň bilen hem ähli zat gutardy" – diýip, hünärmeniň sözlerini "Globo" neşiri getirýär.
Bije çekilişiginiň netijelerine görä, «Braziliýa» ýygyndysy "C" toparçada «Marokko», «Şotlandiýa» we «Gaiti» ýygyndylaryna garşy oýnar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
