Serie A. Skott Maktomineý iň gymmatly oýunçy diýlip yglan edildi
Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň we «Napoli» klubynyň ýarymgoragçysy Skott Maktomineý Italiýanyň professional futbolçylary birleşmesi tarapyndan Serie A-nyň möwsüminiň iň gymmatly oýunçysy diýen ada mynasyp boldy. Bu — onuň üçin şu ýyl alan ikinji uly sylagy. Mundan öň liga Maktomineýi 2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy hökmünde resmi taýdan tassyklapdy.
Maktomineý soňky möwsümde «Napoli» üçin örän möhüm oýunçy boldy. Ol «Mançester Ýunaýteddan» gidenden soň bary-ýogy bir möwsüm geçip, Italiýanyň çempionlygyny gazanan düýpli ýaryşda toparyň ýeňişleriniň merkezinde durdy.

«Napoli» klubynyň tälimçisi Antonio Konte hem ýylyň iň gowy tälimçisi diýen ada mynasyp boldy. Neapol topary ýylyň iň gowy topary hökmünde görkezildi, ýaş oýunçylaryň arasynda bolsa Nikola Bertola iň gowusy diýip saýlandy. Möwsümiň iň gowy emini Daniele Doweri boldy. Şeýle-de Jorjo Kellini bilen Leonardo Bonuççi futbol boýunça aýratyn netijeleri üçin sylaglandy.

Möwsümiň düzümi:
– Swilar (Roma)
– Dumfris (Inter)
– Bastoni (Inter)
– Rahmani (Napoli)
– Dimarko (Inter)
– Reýnders (Milan)
– Barella (Inter)
– Maktomineý (Napoli)
– Kin (Fiorentina)
– Retegi (Atalanta)
– Lautaro Martines (Inter)

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
