Dezire Due 2025-nji ýylyň "Altyn top" (Golden Boy) baýragynyň eýesi boldy
«Pari Sen-Žermeniň» 19 ýaşly hüjümçisi Dezire Due, 2025-nji ýylyň iň abraýly ýaş futbol baýragy bolan "Altyn Top" (Golden Boy) baýragynyň resmi ýeňijisi boldy. Muňa «PSŽ» klubynyň resmi habarnamasynda anyk düşündiriş berildi.
Due saýlawda «Barselonada» çykyş edýän goragçy Pao Kubarsini yzda goýdy. Ýaş oýunçy 2024/25 möwsüminde «PSŽ» bilen Çempionlar ligasyny we birnäçe beýleki kuboklary gazandy.
Bu ýyl «PSŽ»-nynň oýunçylary yklym derejesindäki ähli esasy aýratyn baýraklary eýeledi:
• 2025-nji ýylyň «Altyn topy» — Usman Dembele,
• 2025-nji ýylyň Afrikada «Altyn topy» — Aşraf Hakimi,
• 2025-nji ýylyň «Altyn topy» (ýaşlar aralygy) — Dezire Due,
• 2025-nji ýylda Aziýada ýylyň oýunçysy — Li Kan In.
Parižiň wekilleri üçin 2025-nji ýyl aýratyn üstünliklere baý bolup, klub halkara derejede doly üstün çykyş bilen ýatlanylýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
