Selim Nurmyradow «Köpetdagyň» derwezesine 900-nji goly geçirdi

«Altyn asyryň» tejribeli futbolçysy Selim Nurmyradow paýtagtyň «Köpetdagynyň» derwezesinden Ýokary ligadaky 900-nji goly geçiren futbolçy boldy. Bu gol liganyň 26-njy tapgyrynda hasaba alyndy.

Has takygy, şol duşuşygyň 3-nji minudynda Selim Nurmyradowyň geçiren goly «Köpetdagyň» derwezesine ligada geçirilen 900-nji goldur. Duşuşykda şondan soň hem «Köpetdagyň» derwezesinden 4 gol geçirildi. Şeýlelikde, topar ligada jemi 904 gezek gol geçirtdi.

Bu netijeden soň «Köpetdag» ligada derwezesinden 900 gol geçirilen 7-nji topar boldy.