"Altyn Asyryň" futbolçylary ýubileý gollaryny geçirdiler

Ýokary liganyň 26-njy tapgyrynda "Köpetdag" bilen bolan duşuişykda «Altyn Asyryň» futbolçylary Süleýman Muhadow  bilen Myrat Annaýew bu toparyň düzüminde Ýokary ligadaky ýubileý gollaryny geçirdiler. Şol gün Muhadow toparda 70-nji goluny geçiren bolsa, Myrat Annaýew 60-njy gezek tapawutlandy.

Şeýlelikde, Süleýman «aragatnaşykçylaryň» düzüminde 2013-nji ýyldan bäri 70 we ondan köp gol geçirip bilen ikinji, Myrat Annaýew bolsa 60 we ondan köp gol geçiren dördünji futbolçy boldy. Birinji basgançakda bu toparda çykyş eden ýyllarynda 108 gezek tapawutlanan Altymyrat Annadurdyýew bar. Üçünji orny bolsa 62 gol bilen Myrat Ýagşyýew eýeleýär.

«Janköýeriň» habarçysynyň şahsy hasaplamalaryna görä, Süleýman Muhadow "Altyn Asyrdan" başga-da, Ýokary ligada «Ahalyň» hatarynda 17, «Şagadamda» 7, ozalky HTTU toparynda 48 gezek tapawutlandy. Myrat Annaýew bolsa "Ahalda" 26 gol geçiripdi