La Liga. "Real Madrid" ýeňildi, "Barselona" birinji orna geçdi

Ispaniýanyň çempionatynyň 14-nji tapgyrynda «Real Madridiň» – «Žirona» bilen duşuşygy 1:1 hasaply deňlik bilen tamamlandy. Bu, «Real Madridiň» La Ligadaky üçünji yzygiderli deňligi boldy. Mundan ozal madridliler «Elçe» bilen 2:2, «Raýo Wallekano» bilen 0:0 hasaplarynda oýnapdy.

Bu netijeler «Real Madridi» ilkinji orundan düşürdi. «Barselona» dört duşuşykdan bäri ýeňiş gazanyp, 34 utuk bilen liderlige çykdy. «Real Madrid» 33 utuk bilen ikinji orunda, olaryň yzyndan bolsa 32 utukly «Wilýarreal» we 31 utukly «Atletiko Madrid» gelýär. Şeýle hem «Betis» we «Espanýol» 24 utuk bilen ýewrokubok zolagynda ýerleşýärler.

«Žirona» bilen bolan duşuşykda madridlileriň hüjümçisi Kilian Mbappe ýene-de özüni görkezdi — bu oýunda onuň geçiren goly şu möwsümde onuň La Ligadaky 14-nji goly boldy. Ol häzirki wagtda çempionatda iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda öňde barýar. Onuň yzyndan «Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski hem-de «Malýorkanyň» hüjümçisi Wedat Muriki gelýär — olaryň hasabynda 8 gol bar. Ferran Torres («Barselona») we Hulian Alwares («Atletiko») 7 gol geçirdiler. «Lewanteniň» oýunçysy Karlas Etta Eýongyň hasabynda bolsa 6 gol bar.

Şu duşuşykdan soň «Real Madridiň» braziliýaly hüjümçisi Rodrigo hakynda hem gyzykly statistik maglumat orta atyldy. Ol 72-nji minutda meýdança girse-de, toparyna ýeňiş gazandyrmaga kömek edip bilmedi. Rodrigo indi yzygiderli 30 duşuşykda gol geçirmän gelýär. Bu görkeziji «Real Madridiň» taryhynda hüjümçiler üçin iň pes görkezijileriň birine deň boldy. Mundan ozal şeýle netije Mariana Diasyň adyna degişlidi.

Rodrigo bu oýunlaryň ählisinde başlangyç düzümde çykmady, bu bolsa onuň netijeliligine täsir eden esasy sebäplerden biri bolup durýar. Ol soňky gezek mart aýynda, Çempionlar ligasynda «Atletiko» bilen duşuşykda gol geçiripdi.

La Ligada indiki duşuşyklar 15-nji tapgyrdan öň 19-njy tapgyryň öňe süýşürilen duşuşyklary geçiriler:

03.12.2025
• «Barselona» – «Atletiko Madrid» — 01:00
• «Atletik» – «Real Madrid» — 23:00