APL. 13-nji tapgyrdan soň ýagdaý we 14-nji tapgyryň duşuşyklary
Angliýanyň Premýer-ligasynyň 13-nji tapgyrynyň netijeleri boýunça toparlaryň häzirki ýagdaýy belli boldy. Tapgyryň esasy oýny Londonda geçirildi — bu duşuşykda «Çelsi» öz meýdançasynda «Arsenaly» kabul etdi. Duşuşyk deňme-deň — 1:1 hasabynda tamamlandy.
Bu tapgyryň netijesinde «Arsenal» ýeňiş gazanyp bilmese-de, 30 utuk bilen sanawyň birinji basgançagynda galýar. «Çelsi» bolsa 24 utuk toplap üçünji orunda ýerleşýär. Iki londonly klubyň aralygynda 25 utukly «Mançester Siti» ýerleşýär.
Liderleriň yzysüre «Aston Willa» 24 utuk bilen 4-nji orny eýeleýär. Ilkinji altylygyň soňky orunlarynda bolsa 22 utukly «Braýton» we «Sanderlend» bar.

Indiki — 14-nji tapgyr 3-nji dekabra geçilýän gije başlanar:
03.12.2025
• «Bornmut» – Ewerton» — 00:30
• «Fulhem» – «Mançester Siti» — 00:30
• «Nýukasl» – «Tottenhem» — 01:15
04.12.2025
• «Arsenal» – «Brentford» — 00:30
• «Braýton» – «Aston Willa» — 00:30
• «Börnli» – «Kristal Pelas» — 00:30
• «Wulwerhempton» – «Nottingem» — 00:30
• «Lids» – «Çelsi» — 01:15
• «Liwerpul» – «Sanderlend» — 01:15
05.12.2025
• «Mançester Ýunaýted» – «West Hem» — 01:00

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
