Serdar Azmunyň wekili futbolçynyň ýene-de Russiýada oýnamaga taýýardygyny aýtdy
«Şabab Al-Ahli» klubynyň iranly-türkmen hüjümçisi Serdar Azmunyň wekili Mehdi Hagitali "Sport24" bilen söhbetdeşlikde 30 ýaşly futbolçynyň karýerasynda Russiýa dolanmak mümkinçilikleriniň ýene-de açykdygyny aýdyp geçdi.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Azmun süňk şikesinden soň dikeldiş tapgyrynda bolup, ýanwar aýynda meýdança dolanmaga taýýar bolar. Hut şonuň üçin häzirki günlerde anyk ädimler bolmasa-da, gyşky döwürde gelen islendik mümkinçilik göz öňünde tutulyp biler.
Hagitali şeýle gürrüň berdi: eger gowy teklip bolsa, olar bu babatda Serdar bilen hökman serederler. Azmun Russiýada oýnamaga garşy däl we öňki tejribeleri hem muny tassyklaýar. Ol «Rubin», «Rostow» hem-de «Zenit» ýaly klublarda çykyş etdi. Şol sebäpli futbolçynyň islendik başga rus klubyna geçmeginiň hem mümkindigini nygtady.
Serdar Azmun 2024-nji ýyldan bäri «Şabab Al-Ahli» klubynda çykyş edýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
