AFC CL2. Didar Durdyýew "Sofascore"-den iň ýokary bal aldy
«Sofascore» portaly tarapyndan hüjümçi Didar Durdyýew düýn AÇL ― 2-niň 5-nji tapgyrynyň çäginde geçirilen «Andijon» ― «Arkadag» duşuşygynda myhman topardan iň ýokary ball alan wekil boldy. Portal onuň oýnuna 7,2 ball berdi.
Şeýle hem şu habarymyz bilen ugurdaş ýerleşdirilen suratdan hem görnüşi ýaly, duşuşykda kapitan Mekan Saparowa hem 7,1 ball berdi.
Ýarym goragçy Ahmet Ataýew duşuşykda iň pes ball alan oýunçy boldy. Oňa portal tarapyndan 6,4 ball berildi. Ýöne iki toparyň oýunçylarynyň görkezijileri babatynda alanyňda iň pes ball «Andijonyň» derwezeçisi M.Komilowa berildi ― 6,2 ball.
Duşuşygyň 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanandygyny we «Arkadag» toparynyň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini saklap galandygyny ýatladýarys.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


