Er-Riýadda AFK-nyň Kongresi geçirildi
Saud Arabystanyň paýtagty Er-Riýad şäherinde Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) milli assosiasiýalarynyň prezidentleriniň hem-de baş sekretarlarynyň gatnaşmagynda Kongres geçirildi.

Bu möhüm çärä Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Owekow bilen Baş sekretar Serdar Geldiýew hem gatnaşdylar. Kongresiň ahyrynda gatnaşyjylara ýörite sertifikatlar gowşuryldy.
Üç gün dowam eden Kongres Aziýa yklymynda futbolyň ösdürilmegine, täze strategiýalaryň işlenip düzülmegine hem-de agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirildi.
Açylyş dabarasynda AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibrahym Al Halifa çykyş edip, soňky ýyllarda geçirilen özgertmeleriň ähmiýetini nygtady. Ol konfederasiýanyň täze klub ulgamyna geçendigini belläp, milli assosiasiýalaryň ösüşini goldamagyň esasy maksada öwrülendigini aýtdy.
Kongresiň dowamynda dolandyryş, tehniki menejment, bilim we tejribe alyşmak, şeýle-de futbol ulgamynda innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Kommersiýa hakykaty» atly sessiýada futbolyň durnukly ösüşi we strategik hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça pikir alşyldy.
TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew gatnaşan çäräniň netijelerine ýokary baha berdi: "Bu ýerde örän köp peýdaly maglumatlary almaga mümkinçilik boldy. Alynan tejribe ýurdumyzyň futbol ulgamynda öňdebaryjy ösüş gazanmaga ýardam berer" – diýip, ol belledi.
Türkmenistanyň wekilleri şeýle hem "AFC Awards Riyadh 2025" dabarasyna gatnaşyp, Aziýa futbolynyň ösüşine goşant goşan türgenleriň, tälimçileriň we assosiasiýalaryň sylaglanyşyny synladylar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


