
UCL: “Mançester Ýunaýteddäki” şowsuzlyklar dowam edýär
04.10.2023ý.
UEFA Çempionlar Ligasynda “Mançester Ýunaýtediň” şowsuzlygy dowam edýär. Umumylykda soňky 6 oýunda 5 gezek utulan “Mançester Ýunaýted” topary soňky 10 oýunda derwezesine 18 gol goýberdi. Bu bolsa soňky 57 ýyldaky iň ýaramaz statistika diýmekdir. “Old Traffordda” “Galatasaraý” bilen duşuşan “Mançester Ýunaýted” garşydaşyndan 3-2 hasabynda asgyn geldi. “Ýunaýted” ýaş hüjümçisi Rasmus Heýlunnyň 17-nji minutdaky goly bilen öňe geçse-de, “Galatasaraý” Wilfred Zahanyň goly bilen 23-nji minutda hasaby deňledi. 2-nji ýarymda bolsa ýer eýeleri ýene-de Heýlunnyň goly bilen 67-nji minutda öňe saýlandy. “Galatasaraý” toparynyň jogaby bu gezegem gijikmedi. 4 minutdan soň Kerem Aktürkoglu hasaby deňledi. Oýnuň 77-nji minudynda emin Kazemiro 2-nji sarydan soň gyzyl kart görkezip, “Galatasaraýyň” peýdasyna penalti urgusyny belledi. Ýöne Ikardiniň ýerine ýerine ýetiren penaltisi dürs bolmady. Top meýdançanyň daşyna gitdi. Emma argentinaly hüjümçi 3 minutdan soň öz günäsini ýuwup, topy Onananyň üstünden derwezä gönükdirdi. Şunlukda, “Galatasaraý” 3-2 hasabynda ýeňiş gazanyp, 30 ýyldan soňam “Old Trafforddan” taryhy üstünlik bilen dolandy. “Mançester Ýunaýted” Çempionlar Ligasynda ilkinji 2 duşuşygynda utuldy. 7 gol geçirden klub häzirlikçe bu görkeziji boýunça-da iň pes klublaryň hatarynda barýar.
UEFA Çempionlar Ligasynda “B” toparçada Fransiýanyň “Lans” toparyň iňlisleriň “Arsenalyny” 2-1 hasabynda ýeňip (Tomassen 25, Wai 69 – Gabriel Žesus 14), utugyny 4-e çykardy. Soňky minutlary has-da çekeleşikli geçen oýunda PSW bilen “Sewilýa” 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady (De Ýong 86 p, Teze 90+5 – Gudel 68, En-Nesiri 87).
“C” toparçadaky 2 duşuşyk hem myhmanlaryň 3-2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanyp, “Real Madrid” “Napolini”, “Braga-da” “Union Berlini” ýeňlişe sezewar etdi. Italiýadaky oýunda “Napoliniň” gollaryny Estigor (19) bilen Zielinski (54 p), “Real Madridiň” gollaryny bolsa Winisius Junior (27), Bellingam (34) hem-de Aleks Meret (78 ö.d.) geçirdi.
Berliniň Olimpiýa stadionynda oýnalan duşuşykda “Union Berlin” Bekkeriň 30-njy we 37-nji minutlardaky gollary esasynda 2-0 öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik “Braga” kluby 41-nji minutda Niakateniň, 51-nji minutda Brumanyň hem-de 90+4-nji minutda Andre Kastronyň gollary bilen ýeňşini baýram etdi.