AFC CL2. "Arkadag" nobatdaky duşuşygyny Katarda geçirer

Aziýanyň Çempionlar ligasy–2-niň "B" toparçasyndaky üçünji tapgyryň çäginde ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary myhmançylykda Kataryň «Al Ahli» topary bilen duşuşar. Oýun Dohadaky "Al Thumama" stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen çarşenbe güni sagat 21:00-da başlanar.

Ýatladyp geçsek, «Arkadag» ilkinji tapgyrda öz meýdançasynda Özbegistanyň «Andijon» toparyny kabul edipdi. Arkadag şäherindäki "Arkadag" stadionynda geçen duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy.

Ikinji tapgyrda bolsa ýurdumyzyň wekili Bahreýnde ýerli «Al Haldiýa» bilen duşuşyp, birnäçe mümkinçilige garamazdan, 0:2 hasabynda utuldy.

Şol netijelerden soň «Al Haldiýa» 4 utuk bilen toparçanyň liderligine çykdy. «Andijon» bilen «Al Ahli» 2 utukdan toplasa, «Arkadag» diňe 1 utuk bilen soňky orunda ýerleşýär.

Kataryň «Al Ahli» topary hem şu möwsümde ýeňiş gazanmak üçin güýçli taýýarlyk görýär. Şeýle ýagdaýda «Arkadag» üçin bu duşuşyk toparçada ýagdaýy gowulandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň çempiony Katarda üstünlik gazanyp, ilkinji ýeňşini almak ugrunda göreşer.