AFC CL2. "Ahal" Eýranda geçirilen duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy

Türkmenistanyň wekili «Ahal» topary Aziýanyň Çempionlar ligasy–2-niň "C" toparçasyndaky nobatdaky duşuşygyny Eýranyň Isfahan şäherinde ýerli «Sepahan» bilen geçirdi.

"Nakş-e Jahan" stadionynda bolan duşuşykda «Ahal» 0:1 hasabynda ýeňildi. Duşuşygyň ykbalyny 82-nji minutda Kaweh Rezai geçiren gol çözdi.

«Ahal» indiki duşuşygyny hem şol «Sepahan» bilen şol bir stadionda geçirer. Bu duşuşyk 4-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da bolar.