.jpg)
AFC CL2. "Ahal" - Sepahan" bilen duşuşygyny Eýranda geçirer
Ýurdumyzyň wekili «Ahal» topary Aziýanyň Çempionlar ligasy–2-niň toparçalaýyn tapgyrynyň "C" toparçasyndaky nobatdaky duşuşygyny geçirer. Ilkibaşda 21-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki "Arkadag" stadionynda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyk, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFC) kararyna laýyklykda, Eýranyň Isfahan şäherindäki "Nakş-e Jahan" stadionyna geçirildi.
«Ahal» topary geçen tapgyrda "Arkadag" stadionynda Iordaniýanyň «Al Husseýn» topary bilen duşuşyp, 1:4 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Şol duşuşyk topar üçin ýaryşdaky ilkinji resmi oýun boldy, sebäbi «Mohun Bagan» toparynyň ýaryşdan çykarylmagy netijesinde öňki ýeňiş hasaba alynmady.
Şeýlelikde, «Ahal» topary şu ýyl Aziýanyň Çempionlar ligasy–2-niň çäginde öz meýdançasynda başga duşuşyk geçirmez. Ýokarda agzalan üýtgeşmeden soň, toparyň galan ähli duşuşyklary myhmançylykda bolar. 21-nji oktýabrdaky duşuşykdan soň «Ahal» 4-nji noýabrda Eýranyň «Sepahan» toparynyň myhmany bolar, 23-nji dekabrda bolsa Iordaniýanyň «Al Husseýn» topary bilen daşary ýurtda duşuşar.
"C" toparçadaky häzirki ýagdaý şeýle görnüşde:
1. «Al Husseýn» (Iordaniýa) – 2 oýun, 6 utuk
2. «Sepahan» (Eýran) – 1 oýun, 0 utuk
3. «Ahal» (Türkmenistan) – 1 oýun, 0 utuk