
Türkmenistanyň wekili FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetine agza boldy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy (TFF) soňky ýyllarda ýurdumyzda futboly ösdürmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we tälimçilik ulgamyny kämilleşdirmek babatda uly işler alyp barýar. Şol işleriň ýokary baha mynasyp bolandygyny halkara futbol jemgyýeti hem ykrar etdi.
Bütindünýä Futbol Federasiýalarynyň Assosiasiýasy (FIFA) tarapyndan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetine agza hökmünde saýlanyldy. Dünýäniň 211 agza federasiýasynyň arasynda 24 wekiliň bu abraýly komitete girmegi olaryň futbol ulgamyndaky işleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Türkmenistanyň wekili hökmünde bu komitete saýlanylmagy hem ýurdumyzyň futbol ulgamynyň ösüş ýolunda ynamly ädimleriniň netijesidir.
Häzirki wagtda TFF FIFA-nyň “Futbol mekdepler üçin”, “Zehinleri ýüze çykaryp, olary ösdürmek” hem-de çagalar futbolynyň tälimçileriniň bilimini artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu çäreler geljekde halkara arenasynda üstünlik gazanjak ýaş türgenleri ýetişdirmekde möhüm binýat döredýär.
FIFA-nyň Tehniki ösüş komiteti dünýäde çagalar, zenanlar we köpçülikleýin futboly ösdürmekde, tälimçilik ulgamyny kämilleşdirmekde hem-de ýaşlar futbolyna degişli maksatnamalary durmuşa geçirmekte möhüm orny eýeleýär. Bu komitetiň agzalary ösüş ýolundaky federasiýalaryň maksatnamalaryna baha bermek, meýilnamalary seljerip, tassyklamak boýunça jogapkärçilikli işleri ýerine ýetirýärler.