Lionel Messi milli ýygyndylaryň taryhynda täze rekord goýdy

«Inter Maýaminiň» hüjümçisi Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysyndaky çykyşynda täze taryhy görkeziji bilen tapawutlandy. 38 ýaşly ýyldyz futbolçy Puerto-Riko ýygyndysyna garşy geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda iki asist berdi. Şeýdip, Messiniň milli ýygyndydaky umumy assistleriniň sany 60-a ýetdi. Bu görkeziji dünýä futbolynyň taryhynda iň ýokary netije bolup durýar.

Messi bu ugurda ozal rekordyň eýeleri bolan ABŞ-nyň wekili Lendon Donowany (58 assist) we Braziliýanyň ýyldyzy Neýmary (58 assist) yzda galdyrdy. Ol 2005-nji ýyldan bäri milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edip gelýär. Umuman, argentinaly hüjümçi milli ýygyndyda 195 oýunda çykyş edip, 114 gol geçirmegi başardy.

Şeýle hem, Messi häzirki wagtda karýerasy boýunça 400 asista golaýlady. Puerto-Riko bilen oýunda beren iki asistinden soň onuň umumy assistleriniň sany 398-e ýetdi. Futbol taryhynda entek bir oýunçynyň hem bu görkezijä ýetmändigi bellärliklidir.

Messi professional karýerasynda iň köp assisti «Barselona» toparynyň düzüminde (269) ýerine ýetirdi. «PSŽ» bilen 34, «Inter Maýami» bilen bolsa 35 asist berdi.

Şeýle-de argentinaly ýyldyz futbolçy sosial torlarynda täze futbol taslamasy barada habar berdi. Onuň sözlerine görä, Maýaminiň özünde dekabr aýynyň 9-14 aralygynda halkara ýaşlar ýaryşy geçiriler. Bu ýaryşda «Mançester Siti», «Çelsi», «Inter», «Atletiko», «Barselona», «Riwer Pleýt», «Newells Old Boýs» hem-de «Inter Maýami» toparlarynyň ýaşlar düzümleri gatnaşarlar. Kubogyň adyna bolsa "Kubok Messi" diýip at berildi.

Messi häzirki möwsümde 26 gol geçirdi we 15 gol asist bilen tapawutlandy. Onuň «Inter Maýami» bilen baglaşan şertnamasy şu ýylyň ahyrynda tamamlanar.