AFC ACQ. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň toparçadaky ýagdaýy

Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň "D" toparçasynyň dördünji tapgyrynda möhüm duşuşyk Arkadag şäherindäki "Arkadag" stadionynda geçirildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Şri-Lankanyň milli ýygyndysy bilen duşuşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşykdan soň milli ýygyndymyzyň goragçysy Abdy Bäşimow şikes aldy. Oýundan soň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçi topary we futbolçylar şikes alan goragçyny keselhanada baryp gördüler.

Bu netijäniň netijesinde milli ýygyndymyz öňki oýundaky ýitginiň öwezini dolup, toparçada öňdeligini yzyna aldy. Dünki ýeňiş bilen Röwşen Meredowyň şägirtleri Aziýa Kubogynyň jemleýji tapgyryna çykmak ugrundaky möhüm ädimi ätdi.

Şol tapgyrda geçirilen beýleki duşuşykda bolsa Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy öz meýdançasynda Taýlandyň milli ýygyndysyna 1:6 hasabynda ýeňildi.

Dördünji tapgyrdan soň "D" toparçadaky ýagdaý şu görnüşde boldy:

1. Türkmenistan – 4 oýun, 7:4 gol, 9 utuk.
2. Taýland – 4 oýun, 10:4 gol, 9 utuk.
3. Şri-Lanka – 4 oýun, 5:4 gol, 6 utuk.
4. Hytaý Taýpeýi – 4 oýun, 3:13 gol, 0 utuk.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Taýland bilen deň utuk toplasa-da, özara duşuşykdaky 3:1 hasaply ýeňşi sebäpli birinji orny saklaýar. Şeýlelikde, toparçada öňdeligi milli ýygyndymyzyň elinde galýar.

Aziýa Kubogy – 2027-niň jemleýji tapgyry Saud Arabystanynda geçiriler. Şol ýaryşa diňe toparçada birinji orny eýeleýän ýygyndylar gatnaşmaga hukuk gazanar. Şu ýagdaýdan ugur alsak, milli ýygyndymyzyň şansy örän gowy görünýär.

Eger indiki tapgyrda Taýland – Şri-Lankany ýeňse, Türkmenistanyň milli ýygyndysyna azyndan 4 utuk toplamak zerur bolar. Şeýle ýagdaýda milli ýygyndymyz indiki tapgyrda Hytaý Taýpeýini ýeňse, soňky tapgyrda Taýland bilen deňme-deň oýnasalar-da ýeterlikli bolar.

Indiki, ýagny bäşinji tapgyrdaky duşuşykda milli ýygyndymyz Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysyny kabul eder. Bu duşuşyk 18-nji noýabrda Arkadag şäherindäki "Arkadag" stadionynda, Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de geçiriler.