
AFC U-17 WACQ. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy deňme-deň oýnady
17 ýaşa çenli zenanlaryň arasynda "AFC U-17 Women’s Asian Cup – 2026" ýaryşyna gatnaşmak üçin saýlama oýunlary dowam edýär. Bu tapgyrda 26 ýygyndy duşuşyk geçirýär, olaryň maksady — Hytaýda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanmak.
"F" toparçanyň ikinji tapgyrynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň U-17 zenanlar ýygyndysy Taýlandyň Çonburi şäherinde Nepalyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşyk deňme-deň – 0:0 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, ýaş türgenlerimiz toparçada ilkinji utuklaryny gazandylar. Emma milli ýygyndymyz saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryny tamamlap jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi.
Aziýa Kubogynyň jemleýji tapgyryna diňe toparçalarda birinji orny alan ýygyndylar gatnaşmaga hukuk gazanar. Şeýlelikde, Demirgazyk Koreýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we ýer eýesi Hytaý bilen bilelikde jemi 12 ýygyndy 2026-njy ýylda geçiriljek yklym ýaryşynyň final böleginde çykyş eder.