
TÝB - 2025. «Ahal II» 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasynyň ýaşlar arasyndaky birinjiliginiň 17-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirildi. Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda bolan duşuşykda «Ahal II» bilen «Köpetdag II» toparlary duşuşdylar.
Duşuşyk gyzykly geçdi we netijede «Ahal II» garşydaşyndan has üstün çykyş etdi. Oýun 5:1 hasabynda «Ahal II»-niň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, «Ahal II» ýaşlar çempionatynda nobatdaky uly ýeňşini gazanyp, utuk sanyny artdyrdy.
17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
“Ahal II” – “Köpetdag II” – 5:1
Gollar: 25 Gurbangeldi Garajaýew, 45 Nurtagan Saryýew, 75 Begenç Mämiýew, 78, 89 Medetgeldi Çaryýew (“Ahal II”) – 50 Şamyrat Mämmedow (“Köpetdag II”)
Duýduryşlar: 2 Gurbanmyrat Garaýew, 20 Gurbangeldi Garajaýew, 34 Ýolmämmet Garajaýew, 90 Begenç Agajumaýew (“Ahal II”) – 27 Agageldi Täçmämmedow (“Köpetdag II”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: M.Şanazarow (Mary ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Ýusupow (Mary ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)
Duşuşygyň komissary: Ý.Nazzyýew (Mary ş.)
Çempionatyň tablisasy:
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1. | «Arkadag II» | 21 | 17 | 4 | 0 | 59-13 | 55 |
2. | «Altyn Asyr II» | 22 | 15 | 1 | 6 | 57-17 | 46 |
3. | «Ahal II» | 19 | 12 | 3 | 4 | 42-17 | 39 |
4. | «Nebitçi II» | 21 | 9 | 2 | 10 | 33-36 | 29 |
5. | «Şagadam II» | 20 | 7 | 4 | 9 | 27-42 | 25 |
6. | «Köpetdag II» | 21 | 7 | 4 | 10 | 20-32 | 25 |
7. | «Merw II» | 20 | 2 | 4 | 14 | 21-50 | 10 |
8. | «Aşgabat II» | 22 | 1 | 4 | 17 | 15-67 | 7 |