Kriştianu Ronaldu täze dünýä rekordyny goýdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we «Al-Nasr» klubynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu dünýä futbolynyň taryhyna ýene-de bir rekord bilen girdi. Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Wengriýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşykda 40 ýaşly hüjümçi iki gol geçirip, bu ugurda öňdebaryjy boldy.

Netijede onuň saýlama tapgyrlarda geçiren gollarynyň sany 41-e ýetdi. Bu görkeziji boýunça ol Gwatemalanyň öňki hüjümçisi Karlos Ruisi (39 gol) yzda goýdy.
Portugaliýa bilen Wengriýanyň arasyndaky oýun 2:2 hasabynda tamamlandy.

Portugallar duşuşygyň ahyrynda ýeňşi elden giderdiler, şol wagt meýdançada Ronaldu eýýäm ýokdy. Eger topar ýeňiş gazanan bolsady, dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny öňünden gazanardy.

Kriştianu Ronaldu häzirki wagtda milli ýygyndynyň düzüminde 225 oýunda 143 gol geçirdi. Ol Portugaliýanyň ýygyndysynda ilkinji gezek 2003-nji ýylyň awgust aýynda çykyş edipdi. Umuman, onuň futbol karýerasyndaky gollarynyň sany 948-e ýetdi. Ýyldyz hüjümçä dünýä futbolynyň taryhynda ilkinji bolup 1000 gola ýetmek üçin ýene-de 52 gol gerek.

Şeýle-de şu möwsümde Ronaldu klub we milli ýygyndy derejesinde geçirilen 10 oýunda 10 gol geçirip, bir gezek hem asist bilen tapawutlandy. Bu görkeziji onuň ýaşyna garamazdan ýokary sport derejesini saklap gelýändigini görkezýär.