Meýlis Diniýewiň topary ýeňlişe sezewar boldy

Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynyň 20-nji tapgyrynyň çäginde Jalal-Abad şäherindäki "Kurmanbek" stadionynda geçirilen duşuşykda «Muras Ýunatýed» bilen «Kyrgyzaltyn» toparlary duşuşdy.

«Kyrgyzaltynyň» düzüminde çykyş edýän türkmenistanly hüjümçi Meýlis Diniýew bu duşuşykda esasy düzümden meýdança çykdy. Ol toparynyň hüjümlerinde işjeňlik görkezse-de, netijäni üýtgetmäge kömek edip bilmedi. Netijede, «Kyrgyzaltyn» bu duşuşykda 3:0 hasabynda utuldy.

20-nji tapgyrdan soň «Kyrgyzaltyn» 17 utuk bilen sanawda 11-nji orunda barýar. Çempionata bolsa jemi 14 topar gatnaşýar.

Indiki duşuşygyny «Kyrgyzaltyn» 22-nji tapgyrda geçirer. Onda topar 4-nji oktýabrda myhmançylykda «Bars» bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar.