TÝB - 2025. "Altyn Asyr II" uly hasap bilen ýeňiş gazandy
Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň 22-nji tapgyrdan süýşürilen duşuşygynda «Aşgabat II» bilen «Altyn Asyr II» toparlary duşuşdy.
Aşgabatdaky "Sport toplumy" stadionynda geçen duşuşykda «Altyn Asyr II» topary garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 10 gol geçirdi we futbol birinjiligindäki 15-nji ýeňşini gazandy.
Netijede, 46 utuk toplan «Altyn Asyr II» topary ýaryş tertibinde 2-nji orny saklaýar. 7 utugy bolan «Aşgabat II» bolsa 8-nji orunda ýerleşýär. Ýaryş tertibiniň başyny bolsa 55 utuk bilen «Arkadag II» topary eýeleýär.
Birinjilikdäki nobatdaky duşuşyk 3-nji oktýabrda geçiriler. Paýtagtymyzda 21-nji tapgyrdan süýşürilen duşuşykda «Aşgabat II» bilen «Ahal II» güýç synanyşarlar.
22-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
“Aşgabat II” – “Altyn Asyr II” – 0:10
Gollar: 19, 21 Muhammedaly Kişikow, 23 Abdyrahman Annamyradow, 33, 45 Söhbet Durdyýew, 36 Hojanazar Gurbanow, 42, 72 Weýisgeldi Orazdurdyýew, 85 Mäti Hojaberdiýew, 89 Aşyrgeldi Hojageldiýew (“Altyn Asyr II”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” (Aşgabat ş. Büzmeýin etr. )
Duşuşygyň emini: M.Berenow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: K.Bersenýowa (Aşgabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
| T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
| 1. | «Arkadag II» | 21 | 17 | 4 | 0 | 59-13 | 55 |
| 2. | «Altyn Asyr II» | 22 | 15 | 1 | 6 | 57-17 | 46 |
| 3. | «Ahal II» | 17 | 10 | 3 | 4 | 35-16 | 33 |
| 4. | «Nebitçi II» | 21 | 9 | 2 | 10 | 33-36 | 29 |
| 5. | «Şagadam II» | 20 | 7 | 4 | 9 | 27-42 | 25 |
| 6. | «Köpetdag II» | 20 | 7 | 4 | 9 | 19-27 | 25 |
| 7. | «Merw II» | 20 | 2 | 4 | 14 | 21-50 | 10 |
| 8. | «Aşgabat II» | 21 | 1 | 4 | 16 | 15-65 | 7 |

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


