
"Ahal" – "Mohun Bagana" garşy täze ak köýnekçesinde meýdança çykar
Ýurdumyzyň wekili «Ahal» futbol kluby Aziýanyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy sentýabrda geçirer. Kolkatta şäherinde ýerli «Mohun Bagan» toparynyň garşysyna myhmançylykda çykjak duşuşygy "Wiwekananda Ýuba Bharati Krirangan" stadionynda bolup, oýnuň sagat 18:45-de başlanmagyna garaşylýar.
Bu duşuşykda «Ahalyň» futbolçylary täze ak köýnekçesinde meýdança girerler. Şeýlelikde, topar ilkinji resmi duşuşygyny täze egin-eşiginde geçirmek bilen, ilkinji tapgyry ýeňişli başlanmak üçin göreşer.